Turkmenportal logo
30.06.24
96659665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky teklibi goldady

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi habar berildi. Bu barada TDH ýazýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurtda maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.


Döwlet Baştutany 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.