Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar

08:5501.07.2024
0
5346
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Surat: ria.ru

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 2-6-njy iýulda halkara saparlaryny amala aşyrar, onuň dowamynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar, Gazagystanda we Täjigistanda sapar bilen bolar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.

Szinpin Gazagystana we Täjigistana bu ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň çakylygy boýunça sapar bilen barar.

ŞHG-niň ýygnagy 4-nji iýulda Astanadaky Garaşsyzlyk köşgünde geçer. Oňa guramanyň baş sekretary Çžan Miniň gatnaşmagyna garaşylýar, sammite şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterriş çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň