Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna 89 ýurt gatnaşmak isleýär

11:1515.06.2024
0
10300

Gazagystanyň paýtagty Astana Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna gatnaşyjylary garşylamaga taýýarlyk görýär. Bu ýyl çäre «Beýik sähradaky duşuşyk» diýen at bilen geçiriler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Oýunlar özüne üç sany esasy ugry birleşdirer: sport, medeniýet we ylym. Guramaçylaryň pikiriçe, bu çarwa medeniýetini gorap saklamaga, öwrenmäge we mundan beýläk wagyz etmäge ýardam berer.

Paýtagtyň etegindäki «Çarwa dünýäsi» atly etno-obada at çapyşyklary, gökböri oýny, aw guşlary bilen aw etmekde we ýaýdan ok atmakda ýaryşlar geçiriler. Şeýle-de milli göreş boýunça ýaryşlar guralar.

Ýaryşlar sportuň 21 sany milli görnüşi boýunça geçiriler. Oýunlaryň geçýän döwründe Astana 100 müňde gowrak jahankeşdäniň barmagyna garaşylýar.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary sportuň etniki görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarydyr, ol öň Gyrgyzystanda we Türkiýede geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň