Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwaly geçiriler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde aýdyldy.
Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowanyň hasabatynda bu teatr festiwalyna Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden teatr toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýandygy habar berildi.
Şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere oktýabrda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.