Aşgabatda Ýewro ― 2024 geçirildi

22:5914.06.2024
0
14089

Ýewro ― 2024-e gatnaşýan ýygyndylaryň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan Aşgabatda minifutbol ýaryşy geçirildi. Bu ýoldaşlyk duşuşyklarynyň wideogörnüşlerini ilçihanalaryň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaplarynda elýeterlidir.

Ýaryş Angliýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan geçirildi. Oňa Angliýadan başga-da, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Ukrainanyň we türkiýäniň ilçihanalarynyň işgärleridir ilçileri gatnaşdy. Öz döwletleriniň milli ýygyndylarynyň lybaslaryny geýen toparlaryň arasynda dostlukly ýaryş alnyp baryldy.

Şu ýyl ilkinji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşan Gruziýanyň ilçisisiniň futbol meýdanyna çykmagy has täsirli boldy. Ýaryşda Italiýanyň Aşgabatdaky ilçisi toparynyň ýeňiş goluny geçirip, beýleki kärdeşleriniň elçarpyşmalaryny gazandy.

Duşuşyk tamamlanansoň, ilçiler biri-birini gutladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň