«Türkmen keşdeçilik sungaty» we «Ahalteke atçylyk sungaty we atlaryň bezegi däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi

22:2412.06.2024
0
7167
«Türkmen keşdeçilik sungaty» we «Ahalteke atçylyk sungaty we atlaryň bezegi däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi
Surat: mfa.gov.tm

11-12-nji iýun aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi geçirildi diýip, Türtkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjy döwletler bütin dünýäde janly mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary ugrukdyrmak maksady bilen Konwensiýanyň wajyp meselelerine seretdiler. Gün tertibine Hökümetara Komitetiň we Sekretariatyň hasabatlary, 2024-2025-nji ýyllarda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň ulanylyşy boýunça meýilnamalary, täze Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň akkreditasiýasy, 2023-nji ýylda Konwensiýanyň 20 ýyllygy boýunça hasabaty we Komitetiň 12 sany täze agzalarynyň saýlawlary degişli edilýär.

Gatnaşyjylar mejlisiň täze saýlanan başlygyny, Prezidiumyň agzalaryny we ýakynda Konwensiýa goşulan ýurtlary gutladylar. 17-nji we 18-nji mejlisleriň başlyklaryna netijeli iş alyp baranlary üçin minnetdarlyk bildirildi.

Bu mejlisler Türkmenistan üçin aýratyn üstünlikli boldy, «Türkmen keşdeçilik sungaty» we «Ahalteke atçylyk sungaty we atlaryň bezegi däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň