Türkmenabatdaky ösümlik ýag kärhanasynda 45 million manatlyga golaý önüm öndürildi

12:1012.06.2024
0
14503

Lebap welaýat azyk önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ösümlik ýag kärhanasynda önüm öndürmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Welaýat gazetiniň elektron sahypasynda berilýän habara görä, bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri arassalanylmadyk pagta ýagynyň 4 müň 563 tonnasy öndürildi. Şeýle hem arassalanylan pagta ýagynyň 3 müň 627 tonnasy, sarunyň

11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň