Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy

13:0327.06.2024
0
11286

25-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary duşuşygyň esasy temalary boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalardyr wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapy ýurduň EKSPO-2025-e gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, işleriň netijeli guralýandygy we ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildiri.

Mundan başga-da, saparyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýumeşima adasynda ýerleşen serginiň geçiriljek meýdançasyna baryp gördüler we Milli pawilýonyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar.Türkmenistanyň wekiliýeti Taýlandda geçirilen awtonom gämiçilik bilermеnler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеnler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar awtonom gämiçilik pudagynyň ösmeginde ýüze çykýan meselelere seredip, bu babatda tejribeler alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylar halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda özleriniň alyp barýan işleri we tejribeleri bilen tanyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda gämi gurluşygynda täze awtonom tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Oňa gatnaşyjylar awtonom gämi gatnawyny ösdürmek üçin sebitleýin taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem, Pattaýa portlarynyň işi bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri dürli port terminallarynda tanyşdyryş çärelerine we «Laem Chabang» portunda geçirilen söhbetdeşliklere gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň