Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

10:4812.06.2024
0
6388

Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergini synladylar. Toplumlaýyn ekspozisiýada milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, şol sanda onuň hususy böleginiň önümçilik we eksport mümkinçilikleri görkezildi.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty öz işine başlady. Duşuşyga gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe-bank we işewürlik düzümleriniň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly mähirli mübäreklediler.

Ýygnananlara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga bagyşlanan wideoşekiller hem görkezildi.

Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki forumyň netijeleriniň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirip, Prezident Ýun Sok Ýola hem-de dostlukly ýurduň wekiliýetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Forumda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hem çykyş etdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri häzirki döwrüň talaplaryny hem-de özara mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde bu duşuşygyň ähmiýetini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň