Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşygy boldy

09:2012.06.2024
0
9439

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň başynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada düýpli pikir alşyldy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçilikleri kesgitlenildi.

"Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklar netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk mysaly bolup durýar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri muňa iki halkyň taryhy medeniýetiniň hem-de diliniň umumylygynyň gönüden-göni ýardam edýändigini belledi.

Şeýle-de:

"Biz Türkmenistanda iri halkara kompaniýalar bilen uzak möhletleýin täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny goldaýarys. Şunda deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýarys" diýip, Gahryman Arkadag nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalara, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň nebitgaz pudagynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkiýeli hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen täze iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň