Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow we “Petronas” kompaniýasynyň baş direktory hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

09:0112.06.2024
0
8089

Şu gün --- 11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Ol iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasynda depginli ösdürilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri işewüri Aşgabatda kabul etmäge örän şatdygyny, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda yzygiderli ösdürilýär we pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmekde Malaýziýanyň kompaniýalarynyň goşýan mynasyp goşandy bellenildi.

"Ýangyç-energetika toplumy ýaly ugurlar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarydyr. Biz Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berýäris" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň “Petronas” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurduň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň