Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini BMG-den gelen hoş habar bilen gutlady

09:3910.06.2024
0
9494

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle belleýär:

"Çuňňur hormatlanylýan

Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, Siziň durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, umumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

«Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan, dünýä jemgyýetçiliginde öňe sürýän başlangyçlarymyz diňe bir ýurdumyzyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebitde we ählumumy derejede hem uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine öz baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiz, Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan möhüm halkara başlangyçlaryňyz aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň yglan eden «Açyk gapylar» syýasatyndan hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alnyp, täze taryhy döwrümizde Siziň diplomatik pähim-paýhasyňyz bilen ata Watanymyz halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly ýurt hökmünde ornuny has-da berkidýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ynamly ornuny has-da pugtalandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden Kararnamalarynyň 26-synyň awtory hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bu abraýly halkara guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň hem ençemesiniň agzasy bolup durýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň barha beýgelýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar, Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyryp, ata Watanymyzyň daşary syýasy abraýyny has-da beýgeldýär.

Hormatly Arkadagly

Gahryman Serdarymyz!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň