Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ylym-bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

10:1608.06.2024
0
14091

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Ylym-bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen maslahata ýurduň we ýene-de 10 döwletiň ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän professor-mugallymlar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gerimi Merkezi Aziýadan gündogarlygyna — Hytaýa, günbatara bolsa Beýik Britaniýa çenli uzan halkara maslahatda rus, belarus, gyrgyz, özbek, täjik, türk, hytaý, iňlis we nemes alymlarynyň hem täsirli çykyşlary diňlenildi. Maslahat ylym babatda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bilelikdäki ösüşi ilerletmek maksady bilen guraldy. Şunda ýaş alymlaryň işlerine aýratyn üns berlendigini aýtmak gerek.

Halkara maslahat «Ylmyň häzirki zaman ugurlary, olaryň ösüşi we bilim ulgamyndaky orny» hem-de «Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap tehnologiýalary» atly bölümlerde dowam etdi. Bu bölümleriň birinjisiniň işine informatika, biologiýa, himiýa we ynsanperwer ylymlary kafedralarynyň alymlary gatnaşdy.

Ikinji bölüm bolsa psihologiýa we okatmagyň usulyýeti, pedagogika hem-de täze bilim tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça tejribe meýdançasyna öwrüldi. Bölümleriň ikisinde-de çykyş eden mugallymlar we professorlar, şol sanda ýaş alymlar göz öňünde tutulýan ugurlar boýunça dürli ýyllarda alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda sanly bilime innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, biotehnologiýalar, olaryň gazananlary baradaky maglumatlardan peýdalanmak we himiki tehnologiýalaryň önümçilikdäki, durmuşdaky hem-de ylymdaky orny babatynda pikir alyşmalar guraldy.

Dünýä döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleri tarapyndan uly gyzyklanma bildirilen halkara maslahatda 150-ä golaý çykyş diňlenildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň