Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol geljek hepde Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada «Yonhap» koreý habarlar gullugy habar berýär.
Alty günlük sapar 10-njy iýunda başlanar we Merkezi Aziýanyň üç ýurduny öz içine alar.
Bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň öňki bäşligi bolan Merkezi Aziýa döwletleri Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän strategik sebit hasaplanýar.