Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekildi

13:2907.06.2024
1
9047

Hytaýyň paýtagtynda 6-njy iýunda Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli bolan demir ýol şahasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» neşiri habar berdi.

Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew dabara gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenmesinde bu demir ýoluň Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän has bähbitli ulag geçelgesi boljakdygyny nygtady. Geljekde bu ýol Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň amala aşyrylmagy täze karhanalaryň we iş orunlarynyň döredilmegine, özara söwdany işjeňleşdirmäge, senagat kooperasiýalaryny ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, Özbegistanyň Prezidenti çykyşynda belledi.

Ylalaşyga görä, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly Kaşgar, Torugart, Makmal, Jalalabad we Andižan nokatlary arkaly geçer.

Hünärmenler bu demir ýol boýunça ýük gatnawlarynyň ýyllyk möçberiniň 15 million tonna ýetjekdigini, harytlaryň ahyrky sarp edijilere eltiljek möhletiniň ýedi güne çenli azaljakdygyny çaklaýarlar.

Täze demir ýoluň ugrunda häzirkizaman üstaşyr-logistika düzümi gurlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň