Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti sebitleýin maslahata gatnaşýar

17:2405.06.2024
0
10283

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän «Senagat statistikasyny gowulandyrmak hem-de Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynda senagatyň ösüşini seljermek üçin statistik görkezijileri ösdürmek» taslamasynyň çägindäki sebitleýin maslahata gatnaşýar. Forum Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi tarapyndan BMG-niň Senagaty ösdürmek guramasy (UNIDO) hem-de Durnukly ösüş maksatlary bölümi bilen bilelikde guralýar. Şu gün öz işine başlan maslahat 7-nji iýuna çenli dowam eder.

Samarkantda geçirilýän sebitleýin maslahata Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekilleri hem-de statistika edaralarynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri tarapyndan «Senagat statistikasynyň esasy görkezijileri», «Önümçilikde ylmy-gözleg işleri», «Önümçilikde sanly ykdysadyýet» «Senagatyň umumylaşdyrylan görkezijileri» ýaly temalarda çykyş edýärler.

Şol bir wagtyň özünde, gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri maslahatda senagat statistikasynyň usulyýetini we synlaryny kämilleşdirmek boýunça öz tejribelerini we tekliplerini birek-birek bilen paýlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň