Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada naharyň tagamyny gowulandyrýan «akylly» çemçe satuwa çykaryldy

11:3204.06.2024
0
9034

Ýaponiýadaky kompaniýalaryň biri naharyň tagamyny gowulandyrýan «akylly» çemçäni satuwa çykardy diýip, «Oddity Central» neşiri habar berdi.

«Elecisspoon» diýlip at berlen «akylly» çemçäni «Kirin Holdings» tehnologiýalar kompaniýasy döretdi. Inženerleriň gürrüňine görä, olaryň oýlap tapan aşhana enjamy nahary hakykatdakydan has duzly we tagamly etmek üçin elektrik impuslaryny ulanýar. Bu berhiz tutýan we ýuwan tagam iýýän adamlara kömek eder diýip, olar belleýärler.

«Elecisspoon» çemçesiniň elekrik täsirliligini sazlaýan dört derejesi bar, oýlap tapyjylar onuň iň ýokary derejesiniň hem adam üçin zyýansyzdygyny aýdýarlar.

Emma kompaniýa ýüz nerwisinden, metallara allergiýadan ejir çekýänlere we lukmançylyk implantlary bolanlara, şeýle-de hamyla aýallara «akylly» çemçäni ulanmazlygy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň