Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

01:5503.06.2024
0
9716

2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin däbe öwrülen dabara geçirildi. TDH-nyň habarynda bellenilişi ýaly, bu waka mynasybetli dabaraly çykyşlar ýerine ýetirildi. Joşgunly aýdymlar we şowhunly tanslar, çagalar toparlarynyň şadyýan sahna çykyşlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy.

Aşgabatdan we ýurduň welaýatlaryndan mekdep okuwçylary ajaýyp sazlaryň owazy astynda bezelen awtobuslaryň kerwenine tarap ugradylar. Olar tiz wagtdan bellenen ýere — dynç alyş merkezlerine bardylar. Bu ýerde çagalary mähirli garşyladylar, olara baýramçylyk süýjülikleri hödürlenildi, dynç alyş çäreleri guraldy.

Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berilýär. Berkarar Watany, beýik döwri, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.

Döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde şatlyk-şowhunly ýagdaý emele geldi. Şu gün ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Gökderede we welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleri dynç alýan çagalaryň birinji tapgyryny kabul etdi. Dürli erteki gahrymanlarynyň lybaslaryny geýnen oglan-gyzlaryň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli çagalar sagaldyş merkezlerini gurşap aldy. Ajaýyp dabarada mekdep okuwçylary türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň gahrymanlarynyň keşbini janlandyrdylar.

Çagalary doly derejede dynç almak üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleriniň binalaryna ýerleşdirdiler. Olarda ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar bar. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk gördüler. Olar ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Bilelikdäki tagallalar esasynda dynç alyş merkezlerinde her ýyl tomus möwsüminde dürli ýaşly çagalara niýetlenen köp sanly bäsleşikler, sungat ýoluna ýaňy gadam basan artistleriň we çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet hem-de halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlary, spartakiadalar, sahna çykyşlary, çeper okaýyşlar guralýar.

Mekdep okuwçylary ýokary hünär derejeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gyzyklanýan ugurlary boýunça gurnaklara gatnap, kompýuter programmalaryny, daşary ýurt dillerini öwrenip bilerler. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem hünär ukybyny ele almak we tejribe toplamak, terbiýeçilere kömek bermek üçin Gökderä gelerler. Mundan başga-da, teatr, sirk, belli aýdym-saz toparlary ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga taýýarlyk görýärler. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamalarynda paýtagtyň, welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, merkezlerde geçjek her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar. Sebäbi olarda wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň