1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýa tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça sebit merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi.
Dabaraly çärä Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaş türgenlerdir çagalar gatnaşdylar.
Türkmenistanda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň gerimli çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär diýlip, habarda bellenilýär.