Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ilatly» restoranynda tagamly aksiýa: pasta 50% arzanladyş

16:4131.05.2024
0
13987

Italýan we Ýewropa aşhanasynyň restorany «Ilatlyda» iýun aýynyň dowamynda, 1-nji iýula çenli myhmanlara aksiýa hödürlenýär: duşenbe güni pastadan taýýarlanan islendik nahara 50% arzanladyş hereket edýär.

Özüňizi nusgasy Bolonýeze spagettisi, rikotta we ysmanak bilen doldurylan näzik rawioli, tagamly Arrabbiata pastasy ýa-da «Ilatlynyň» baý menýusyndaky başga nahar bilen begendiriň.

«Ilatly» – bu Italiýanyň atmosferasynyň höküm sürýän, täze pissanyň we pastanyň hoşboý ysynyň heniz girelgede özüne çekýän ýeridir. Bu ýerde diňe bir nusgawy tagamlary däl, eýsem, baş aşpeziň özboluşly tagamlaryny hem dadyp görüp bilersiňiz. «Ilatly» restoranynda müşderileriň islegi boýunça wegetarian tagamlaryny hem taýýarlap berýärler.

Restoranda limonadlaryň, mohitolaryň, kokteýlleriň, freşleriň, çaýyň we kofeniň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Ajaýyp zalda ýa-da gök öwüsýän eýwanda lezzetli naharlardan lezzet alyp bilersiňiz.

Mundan başga-da, iň gowy görýän italýan tagamlaryňyzy öýüňize ýa-da iş ýeriňize sargyt edip bilersiňiz.

«Ilatly» restorany Änewde, Gurbansoltan köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň