Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zenanlar işewürlikde» jemgyýeti türkmenistanly zenan telekeçiler üçin okuw geçirýär

12:2730.05.2024
0
13046

«Zenanlar işewürlikde» jemgyýeti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) we USAID-nyň telekeçiligiň ösüşi we işewürlik gurşawy boýunça taslamasynyň (USAID/FGI) ýardam bermeginde Türkmenistanyň işewür zenanlary üçin ýöriteleşdirilen okuwyň geçirilýändigini yglan edýär.

Bu okuw üç ýyldan gowrak wagt bäri işini üstünlikli alyp barýan we iş gerimini giňeltmek mümkinçiligini göz öňünde tutýan telekeçi zenanlar üçin niýetlenendir. Çäräniň maksady — gatnaşyjylara telekeçilik bilen meşgullanmagyň esasy ýörelgelerini kesgitlemäge, geljekki üç ýyl üçin strategiki garaýyşy kemala getirmäge hem-de öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan çeşmeleri anyklaşdyrmaga kömek etmekden ybarat.

Okuwyň esasy temalary:

- «Işewürligiň şahsy manysyny kesgitlemek» — assosiatiw kartlary ulanmak bilen, özbaşdak gymmatlyklary we hyjuwlary seljermek;

- «Görüş meýilnamasy: ýene üç ýyldan işewürligimi nirede görýärin?» — ösüşiň uzak möhletleýin strategiýasyny işläp düzmek;

- «Bar bolan çeşmeleriň inwentarlaşdyrylmagy: maksatlaryma ýetmek üçin häzir mende nämeler bar?» — maliýe, adam we tehnologik ýaly elýeterli bolan çeşmeleri bölekleýin seljermek;

- «Tankydy seljerme: telekeçilik işine bolan garaýşymda näme üýtgemeli?»: Çäklendirýän ynançlary goldaýan garaýyşlary kesgitlemek we çalyşmak.

- «Geljekdäki ösüş üçin esasy çeşmeleri kesgitlemek» — işewürligi giňeltmek üçin zerur gurallary we mümkinçilikleri aýdyňlaşdyrmak.

Okuw tamamlanandan soň, 15 gatnaşyjy indiki ösüş derejesine ýetmek üçin zerur bolan pikirlenmäni kämilleşdirmäge ýardam etjek özbaşdak tälimçilik sapaklaryny geçmäge mümkinçilik alarlar.

Okuwa gatnaşmak tölegsizdir! Gatnaşyjylary saýlamak bolsa bäsdeşlik esasynda amala aşyrylýar.

Çäre 8-nji iýunda sagat 9:30-dan 16:00-a çenli Aşgabatdaky «Ginko & Platan» restoranynda, şu salgyda geçiriler: A. Niýazow — Bitaraplyk köçeleri (öňki Hudaýberdiýew — Podwoýskiý köçeleri).

Hasaba alynmak üçin arzany şu salgylanma arkaly dolduryp bilersiňiz.

Goşmaça maglumat almak üçin salgylar:

  • telefon belgisi: (+993 65) 07 76 92;
  • elektron poçta salgysy: info@bizwomentm.com;
  • web saýty: bizwomentm.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň