Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«AGG lighting» dükany: ýokary derejeli abatlaýyş we yşyklandyryş enjamlarynyň hyzmaty

11:2629.05.2024
0
11423

«AGG lighting» dükany müşderilerine islendik haryt nyşanly yşyklandyryş enjamlaryny ýokary derejede abatlamak hyzmatlaryny hödürleýär.

Dükanyň tejribeli hünärmenleri ähli yşyklandyryş enjamlaryny takyk anyklamak we näsazlyklary düzetmek üçin zerur bolan hünär taýdan bilimlere we başarnyklara eýedir.

Abatlamakdan başga-da, «AGG lighting» yşyklandyryş enjamlarynyň ulanyş möhletini uzaltmaga hem-de geljekde döräp biljek bökdençlikleriň öňüni almaga ýardam edýän öňüni alyş hyzmatlaryny ýetirýär.

«AGG lighting» dükanyna ýüz tutuň, yşyklandyryş enjamlaryňyzyň elmydama birkemsiz işlejemegi üçin elimizden gelýän ýardamymyzy ederis» diýip, dükanyň wekili belläp geçýär.

«AGG lighting» dükanynda diňe bir yşyklandyryş enjamlaryny abatlamak we bejermek babatda ýokary derejeli hyzmatlar däl-de, eýsem yşyklandyryş enjamlarynyň hem köpdürli görnüşlerini saýlap alyp bilersiňiz. Dürli modeller we stiller müşderilere oňaýly myhman otagyndan kadaly ofis otagyna çenli islendik gurşaw üçin amatly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berer.

Siz bu dükandan lýustralary, asma çyralary, bir tonly gülçyralary, trek ulgamlaryny, bralary, spotlary, stol çyralaryny, torşerleri, köçe çyralaryny we başga-da köp hili yşyklandyryş enjamlaryny tapyp bilersiňiz.

Şeýle hem dükan müşderilerine satyn alnan harytlary Aşgabadyň islendik ýerinde tölegsiz eltip bermek we çyralary gurnamak hyzmatyny ýetirýär.

Aşgabatdaky «AGG lighting» dükany şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), «Peýkam» binasy.

Telefon belgileri: 14 52 52, (+993 61) 60 06 22, (+993 61) 60 06 23. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň