Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar

15:0828.05.2024
6
14764

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli fransuz aşhanasynyň «Dejavu» restorany kiçijik myhmanlary we olaryň ene-atalaryny 1-nji iýunda sagat 12:00-dan 15:00-a çenli aralykda guraljak baýramçylyk çäresine gatnaşmaga çagyrýar.

Restorana geljek myhmanlar animatorlaryň guraýan ýaryşlarydyr oýunlaryndan, çagalaryň gyzykly hem şowhunly maksatnamasyndan lezzet alyp bilerler. Şeýle hem çagalaryň döredijilik ukyplaryny synamak maksady bilen, olaryň öz elleri bilen gyzykly bir zat döretmegine bagyşlanan ussatlyk sapagy bolar.

Elbetde, datly tagamlar bolmazdan, baýramçylyklary göz öňüne getirmek mümkin däl.

Esasanam, kiçijik gurmanlar üçin bu ýerde pizza, kitirdewük naggetsler, ýeralma frisi, sowuk miweli içgiler we süýjülikler hödürlener.

Giriş peteginiň bahasy: 350 manat.

Petekleri sargyt edip goýmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bolýar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň