Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aktau we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük daşamak soňky üç ýylda 50% ýokarlandy

12:0528.05.2024
0
8641
Aktau we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük daşamak soňky üç ýylda 50% ýokarlandy
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistan we Gazagystan Türkmenbaşy we Aktau portlarynyň arasynda ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşdylar. Soňky üç ýylda bu ugurdan ýük daşamak 50% ýokarlandy. Bu barada premýer-ministriň orunbasary, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen Astanada geçirilen gepleşiklerden soň aýtdy.

«Kazinform» tarapyndan berilýän habara görä, Murat Nurtleu Gazagystan Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesine goşulmagyny goldaýar diýdi.

Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada aýdyp, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy «Astana we Aşgabat transkontinental ýük ulag ulgamynyň möhüm we täsirli agzalarydyr» diýdi.

«Iki ýurt arkaly Aziýa — Ýewropa, Aziýa — Ýakyn Gündogar ugurlarynyň ösdürilmegi biziň ýurtlarymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki roluny güýçlendirer diýip hasaplaýarys. Uly mümkinçiligi bolan Gazagystan — Türkmenistan —

Eýran demir ýolunyň mümkinçiligini hemmetaraplaýyn ösdürmek barada ylalaşyldy. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geçen ýyl ýurtlarymyzyň arasynda demir ýol gatnawy 20% ýokarlandy we 1,3 million tonna boldy» diýip, ministr belledi.

Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri awtoulag ýollarynyň baglanyşygynyň diňe bir serhetýaka sebitleriň ykdysadyýetine goşant goşman, eýsem umumy ýük daşamagyny hem ep-esli ýokarlandyrýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň