Soňky habarlar

Arhiw

Ganaly bir ýaşly çaga dünýäde iň ýaş suratkeş diýlip yglan edildi

14:0427.05.2024
0
9513

Afrikadaky Ganadan bolan bir ýaşly Eýs-Liam Sem Ankra atly çaga Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan iň ýaş suratkeş diýlip yglan edildi. Bu barada çaganyň ejesi Şantel Egan «Iz.ru» neşirine gürrüň berdi.

Ejesiniň sözlerine görä, çaga alty aýlykka surat çekmek bilen gyzyklanyp başlady. Ilkibaşda ogluny güýmemek üçin ejesi onuň öňünde reňkleridir kendiri goýdy. «Onuň on bir aýlykka zehinlidigini duýdum. Oglum çotgany kendiriň ýüzünde nädip ýöretmelidigini bilýärdi» diýip, ejesi gürrüň berdi.

Geçen ýylyň aýagynda oglanjygyň çeken suratlary sergide goýlup, olaryň 11-si satyn alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň