Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli şäheriň çäginde durky täzelenen 142-nji belgili ýangyç guýujy bekediň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmennebit» DK-niň saýtynda habar berlişine görä, şäher infrastrukturasynyň ulag logistikasynyň merkezinde ýerleşýän bekediň durkunyň täzelenmegi paýtagtyň ýaşaýjylarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir.
«Bu ýerde işleýän hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagy bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň, alnyp barylýan işleriň ýokary derejede amal edilmegine ýardam berýär» diýlip çeşmede bellenilýär.