Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine hat ýollady

20:4825.05.2024
0
10200
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine hat ýollady
Surat: trend.az

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

«Häzirki wagtda Azerbaýjan ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dürli ugurlarda depginli ösýär. Ýurduň bütin dünýäde barha artýan abraýy munuň subutnamasydyr.

Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasy bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris. Halklarymyzyň dostlugy we doganlygy geljekde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky öndürijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder diýip ynanýaryn» diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda aýdylýar.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň azerbaýjanly kärdeşine milli baýramçylyklary bilen gutlap, hat ýollandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň