Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 136 sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

20:3925.05.2024
0
20042
Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 136 sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagt şäheriň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat ajaýyp binagärlik sazlaşygy bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen gün-günden gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, paýtagtyň ýaşaýjylary halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär.

Soňky ýyllarda Aşgabatda etraplar tutuşlygyna döwrebaplaşdyryldy. Täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala geldi we durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.

Adamlar hakyndaky alada, ilatyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň üstünlikli dowam etdirýän düýpli özgertmeleriniň möhüm şertidir. Munuň özi döwlet syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinde öz beýanyny tapýar. Bu maksatlara ýetmek üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, bar bolan ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamak üçin oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl-de, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli az gatly ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa raýatlaryň ýokary hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň