Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny maslahatlaşdylar

09:0725.05.2024
0
5961

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de Gazagystanyň Baştutanyna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň Aşgabada ilkinji saparynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçýändigini belledi. Döwlet Baştutany şeýle duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny, gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilik döredýändigini aýdyp, bu çäräniň ýurtlaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurt köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, umumy medeni, taryhy gymmatlyklara esaslanyp, sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdular. Olaryň abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi. Ulag-logistika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy oňyn hyzmatdaşlygyň anyk netijelerini görkezýär. Ulag ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň hem-de beýleki goňşy sebitleri ösdürmegiň esasy guralyna, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugry boýunça ykdysady taýdan goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň möhüm şertine öwrülýär.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Özara Medeniýet günlerini, festiwallary guramagy dowam etdirmegiň, döredijilik, ylmy işgärleriň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bu ugurdaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda, şol sanda Gazagystanda hem giňden bellenilýändigi nygtaldy.

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri ýakynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy barada aýtmak bilen, ol ýerde meşhur gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň hem ýadygärliginiň ýerleşdirilmeginiň iki halkyň dost-doganlygynyň, okgunly ösýän medeni gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň