Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Mihail Mişustin bilen duşuşdy

17:1824.05.2024
1
19790

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin şu gün Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustini kabul etdi. Bu barada TASS ýazýar.

Bellenilişi ýaly, ikiçäk geçirilen duşuşygyň barşynda dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň