Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy

16:0224.05.2024
0
11425
Täjigistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy
Surat: korrespondent.net

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy diýip, «МИР 24» habar berdi.

Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda ylalaşyklar gazanyldy. Döwlet Baştutanlary senagat, energetika we oba hojalygy pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar.

Taraplar şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesinden kanagatlanma bildirdiler. Ýeri gelende aýtsak, iki ýurduň arasynda Ykdysady gatnaşyklar boýunça 2025-nji ýyla çenli Hökümetara maksatnama hereket edýär.

Täjigistan we Azerbaýjan howa, ulag we aragatnaşyk, ýük daşamalary hem-de Baku şäheriniň deňiz portundan peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň