Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde gazananlaryny görkezýär

14:0724.05.2024
0
20241

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisine gatnaşýar diýip, «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berýär.

Agentlik sergide telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky üstünliklerini hem-de hyzmatlaryny hödürleýär. Sergi diwarlygynyň ekranlarynda internet, öýjükli aragatnaşyk, telewideniýe ulgamlarynyň, şeýle hem ilat we işewürlik üçin beýleki aragatnaşyk hyzmatlarynyň soňky täzelikler görkezildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri myhmanlara täze tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň artykmaçlyklary barada jikme-jik gürrüň berýärler, ýokary tizlikli internetiň ösmegine, öýjükli aragatnaşygyň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem raýatlar we kärhanalar üçin sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge döwletiň aýratyn üns berýändigini aýratyn nygtaýarlar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi öz işini 25-nji maýa çenli dowam eder we 160-dan gowrak kompaniýanyň hem-de döwlet edaralarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň