Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň woelýbol ýygyndysy Milletler ligasynda kümüş medala mynasyp boldy

15:5621.05.2024
0
11988

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 ― 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşyp, bu abraýly ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldular.

Halkara ýaryşda biziň ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny 11-nji maý güni Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Bu duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne şondan soň ildeşlerimiziň ýeňişli tapgyry badalga aldy. Şol günüň ertirligi gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen ildeşlerimiz 15-nji maý güni Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykdylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda gazanylan ýeňiş bolsa türkmen woleýbolçylarynyň halkara ýaryşyň çempionyny kesgitlejek final duşuşygyna gatnaşmagyny üpjün etdi. Olaryň finaldaky garşydaşy ýer eýeleri ― Pakistanyň ýygyndysy boldy.

Final duşuşygynda ýer eýelerinden 1:3 hasabynda ýeňlendiklerine garamazdan, biziň ildeşlerimiziň ýaryşy kümüş medal bilen tamamlamagy uly üstünlikdir. Munuň özi türkmen woleýbolçylarynyň halkara tejribesiniň barha artýandygyny tassyklaýar.

Bu gazanylan üstünlik woleýbolçylarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Çünki olar halkara ýaryşyň öňüsyrasynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde bir hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçip, ýaryşa has taýýarlykly bardylar. Olar indi has iri ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşmagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň