Türkmenistanda alkogolsyz içgileri öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Yupekchi» hojalyk jemgyýeti şu günler Aşgabatda geçirilýän häzirki zaman azyk önümçiligi tehnologiýalarynyň «Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food» halkara sergisine gatnaşýar.
Sergä tomaşa etmäge gelýän myhmanlar bu ýerde «Yupekchi» HJ-niň Bold, Bulvar, 7gen, Real, Buzz, Pökgi ýaly meşhur içgileri bilen tanşyp bilerler.
Kärhana soňky ýyllarda önümleriniň görnüş hataryny täze içgiler bilen yzygiderli baýlaşdyrýar. Muny bolsa kärhananyň agzalan sergide täze önümini — witaminleşdirilen, gazly, düzümi şireli bolan BOLD Mango-kokos içgisini hödürlemegi hem aýdyň görkezýär.
«Bu önüm diňe bir yssy howaly tomusda içmek üçin sergin tagamly içgi bolmak bilen çäklenmän, eýsem açyk mämişi we gök öwüşginli dizaýny bilen hem özüne ünsi çekýär» diýip, kärhananyň wekili pikirini paýlaşýar.
«Yupekchi» kärhanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlardaky sergilere işjeň gatnaşmak bilen, halkara bazarda hem meşhurlyga eýe bolýar. Häzirki günlerde «Yupekchi» hojalyk jemgyýeti Baku şäherinde geçirilýän «InterFood Azerbaýjan» halkara sergisinde gazlandyrylan we miwe şireli içgileriniň hataryny hödürleýär.
Önümçilik çygrynda gazanýan üstünliklerini dürli platformalarda yzygiderli tanyş etmek bilen, «Yupekchi» kärhanasy alyjylar köpçüligine ýokary hilli önümlerini ýetirýär, işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyryp, bazardaky işjeň hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeldýär.