Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine başlyklyk etmek üçin ýörite kubok gowşuryldy

14:5216.05.2024
0
15512

Şu gün, 16-njy maýda Türkmenistan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO Milli toparlarynyň 10-njy mejlisinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň başlyklygyny resmi taýdan kabul etdi.

Aşgabatda bolan mejlisde başlyklyk Azerbaýjandan Türkmenistana geçdi. Bu barada HHM habar berýär.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa degişli nyşany gowşurdy.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň başlyklygynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejesinde türki medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek ugrundaky ygrarlydygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň