Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalyna gatnaşýar

08:5316.05.2024
0
9476

Türkmenistanda düşürilen «Daragt» filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkeziler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, festiwal 23-nji maýdan 29-njy maý aralygynda Çuwaş Respublikasynyň paýtagtynda geçiriler. Türkmen filminiň festiwal premýerasy 27-nji maýda sagat 17:00-da «Wolžskiý« kinoteatrynda bolar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümi bolan film Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürildi.

XVII Çeboksary halkara film festiwalynda görkeziljek filmleriň hemmesi asyl dilinde görkeziler.

Festiwalyň çäginde döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary we çagalar üçin filmleriň görkezilmegi meýilleşdirýär.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Çuwaş döwlet filarmoniýasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň