«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy: türgenler we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin harytlar

11:4615.05.2024
1
13276

Sportda täze belentliklere ymtylýarsyňyzmy ýa-da diňe işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýarsyňyzmy? Aşgabatdaky «Dostlukly Zähmet» dermanhanasy size saglygyňyzy goramaga we işjeňligi ýokarlandyrmaga kömek etjek köp sanly harytlary hödürleýär.

«Dostlukly Zähmetiň» hödürleýän harytlarynyň hatarynda aşakdakylar bar:

- şikeslerden çalt gutulmak üçin çişlere we gögermelere garşy melhemler.

- türgenleşik wagty we ýaryşlarda bogunlary hem-de myşsalary goldamak üçin daňylar.

- ýokary fiziki işjeňligi başdan geçirýän adamlar üçin öňüni alyş serişdesi hökmünde zerur bolan witamin toplumlary.

Ýatlatsak, «Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda dürli terapwetik toparlaryny we goýberilýän görnüşleri öz içine alýan derman serişdeleri hödürlenýär. Bu ýerde ýürek-damar ulgamynyň, aşgazan-içege ulgamynyň, endokrin ulgamynyň kesellerini bejermek üçin dermanlary, ginekologiki meselelere, şeýle hem mikroblara we wiruslara garşy serişdeleri tapyp bilersiňiz.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynyň wekili bu ýerde satylýan dermanlaryň hiline aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Dermanhanada diňe bir «OlainFarm» (Latwiýa), «Abbot» (ABŞ), «Sopharma» (Bolgariýa), «KRKA Berlin-CHEMIE» (Sloweniýa), «BiONORICA» (Germaniýa), «Grindeks» (Latwiýa), «EVER PHARM» (Awstriýa) «Eladiet» (Ispaniýa), «Ajanta» (Hindistan) ýaly ygtybarly we ynamdar öndürijileriň dermanlaryny hödürleýär. Ähli dermanlar sertifikatlaşdyrylandyr we lomaý bahalardan elýeterlidir.

Şeýle hem «Dostlukly Zähmet» Aşgabadyň hemme ýerine amatly eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. 15-nji tapgyryň ýaşaýjylary mugt eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Sargyt üçin tölegi ony alanyňyzdan soň nagt görnüşde ýa-da kart bilen töläp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: S.Seýdi köç., «Rysgally» binasy, 1-nji gat;
  • telefonlar: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň