Şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. TDH-nyň habar berşi ýaly, Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew bu halkara sergä taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hasabatda aýdylmagyna görä, sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler.
Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Aşgabatda geçiriljek halkara serginiň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.