Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Bäherden etrap hassahanasyna gemodializ enjamlary sowgat berildi

15:5208.05.2024
0
9240

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan kämil lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Şu mynasybetli hassahanada dabara geçirildi. Oňa agzalan gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň elektron görnüşinde habar berildi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alyp, saglygyny dikelden çagalaryň hossarlarynyň çykyşlary has-da tolgundyryjy boldy.

Etrap hassahanasynyň baş lukmanyna Gaznanyň hasabyndan Germaniýanyň B.Braun kompaniýasynyň gemodializ enjamlarynyň ikisiniň şahadatnamasynyň gowşurylmagy iň şatlykly we ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi.

«Dialog» kysymly emeli böwrek enjamlary häzirki döwrüň ähli talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, uly ýaşly adamlar hem-de çagalar üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň