Türkmenistanyň futbol çempionatynda 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

22:1517.04.2024
0
481

Şu gün, 17-nji aprelde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF habar berýär.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary öz meýdanynda “Merw” bilen geçiren duşuşygynda 9:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 21 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Bu tapgyryň çäginde geçirilen “Ahal” “Aşgabat” toparyndan, “Nebitçi” “Köpetdagdan”, “Altyn Asyr” bolsa “Energetikden” üstün çykdylar.

Şeýlelikde geçirilen oýunlardan soň 15 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary 20-nji aprelde geçiriler: “Köpetdag” – “Ahal”, “Energetik” – “Nebitçi”, “Merw” – “Altyn Asyr”, “Şagadam” – “Arkadag”.

8-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Ahal” – “Aşgabat” – 4:0

Gollar: 11 Daýanç Meredow, 23 Akmämmet Metdäýew, 57 Meýlis Diniýew, 80 Azat Rahmanow, öz derwezesine (“Ahal”)

“Nebitçi” – “Köpetdag” – 1:0

Gol: 22 Myratdurdy Baýramow (“Nebitçi”)

“Arkadag” – “Merw” – 9:0

Gollar: 15, 17, 47 Didar Durdyýew, 21, 46, 65 Begenç Akmämmedow, 30 Şanazar Tirkişow, 79 Ybraýym Mämmedow, 84 Begmyrat Baýow (“Arkadag”)

“Altyn Asyr” – “Energetik” – 4:2

Gollar: 5 Wahyt Orazsähedow, 56, 83 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 85 Arslan Saparow (“Altyn Asyr”) – 2 Ruslan Täjiýew, öz derwezesine, 89 Begenç Temriýew (“Energetik”)

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Arkadag” FK

7

7

0

0

41-2

21

2.

“Ahal” FK

7

5

0

2

13-6

15

3.

“Altyn Asyr” FK

7

5

0

2

14-8

15

4.

“Şagadam” FK

7

4

0

3

10-7

12

5.

“Merw” FK

7

4

0

3

6-12

12

6.

“Nebitçi” FK

7

3

0

4

6-11

9

7.

“Aşgabat” FK

8

2

1

5

6-17

7

8.

“Köpetdag” FK

7

0

2

5

3-16

2

9.

“Energetik” FK

7

0

1

6

3-23

1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň