Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda DÝHG-niň 38-nji mejlisi öz işini tamamlady

03:4520.04.2024
1
8551

“Ýyldyz” myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, mejlise gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk, şeýle-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň iş meýilnamalaryny, beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de makulladylar.

Guramanyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Taraplar DÝHG-niň esasy mejlislerini geçirmegiň, bar bolan we täze açylan ugurlar, hususan-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol geçelgesi boýunça ýurdumyzyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak kuwwatyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Demir ýol pudagyna örän uly talaplaryň bildirilýändigi bellenildi. Şol talaplar onuň işiniň dürli ugurlaryna degişlidir. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemäge, demir ýoluň hereket düzümlerinden netijeli peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we howpsuzlygy hödürlemäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge degişlidir.

Nygtalyşy ýaly, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar bu awtobanyň gurulmagynyň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilmeginiň nobatdaky subutnamasydygyny bellediler.

Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar. Şanly sene mynasybetli DÝHG-niň komitetiniň başlygy M.Antonowiç “Türkmendemirýollary” agentligine ýörite ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýetler iş toparlarynyň infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi, demir ýollaryň arasynda özara hasaplaşyk tertibi, karzy üzmek mehanizmi hem-de beýleki ugurlar boýunça 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlediler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de degişli Teswirnama gol çekildi. Şeýle-de mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gurama agza ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Ýygnananlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň işiniň netijeli geçmegi ugrunda amatly şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we bu duşuşygyň özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň