Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda Karara gol çekdi

02:3020.04.2024
0
8674

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün --- 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň