Soňky habarlar

Arhiw

HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar

10:5418.04.2024
0
8051
HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar
Surat: news.mail.ru

Halkara Pul Gaznasy özüniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamasyny täzeledi diýip, «24KZ» habar berýär. HPG 2025-nji ýylda bu görkezijini 3,2 göterime çenli ýokarlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri muny ABŞ-nyň, Hytaýyň we beýleki iri ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösüşi bilen baglaýarlar.

Hasabatda şeýle hem 2025-nji ýylda ählumumy hümmetsizlenme 4,5 göterim peseler diýlip nygtalýar.

Ykdysady ösüş Merkezi banklar tarapyndan göterim stawkalarynyň artdyrylmagy we geosyýasy dartgynlylyk sebäpli togtap biler diýip, bilermenler duýdurýarlar. Olaryň sözlerine görä, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi söwdanyň bozulmagyna we energiýa göterijileriň gymmatlamagyna getirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň