Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi öz işine başlady. Iri göwrümli çäre 19-njy aprele çenli dowam eder.
Foruma synçy döwlet höhmünde Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa we Gresiýa, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza 19 ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylary we ýokary derejeli wekilleri gatnaşýarlar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny okady.
Şeýle hem Aşgabat forumynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň guramanyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy hem bellener.
Çäre ýurduň hökümeti tarapyndan işjeň alnyp barylýan ulag diplomatiýasynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan başlanan birnäçe möhüm wakany dowam etdirer.