Daşoguzda täze «Hyzmatlar öýi» gurulýar

09:4915.04.2024
0
13240

Daşoguzda «Saýlanan Bina» hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan täze «Hyzmatlar öýi» binasynyň gurluşygy başlandy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar bermegine görä, bu täze bina şäheriň halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýjylara hyzmat etmek üçin gurulýar.

Umumy meýdany bir gektardan geçýän täze binada dürli maksatly otaglar, şol sanda myhman otaglary, dolandyryş, önümçilik we ammar jaýlary ýerleşer. Täze jemgyýetçilik desgasy, ilata köp görnüşli hyzmatlary hödürlemek we ýerli ýaşaýjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen häzirki zaman jemgyýetçilik hyzmatlar toplumy bolar.

Onuň işe girizilmegi ýaşaýyş toplumynda täze iş ýerlerini hem döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň