Prezident ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg etmegi tabşyrdy

07:1213.04.2024
0
9167

Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan çäreler we ýurduň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak, ekerançylary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ilaty ýurtda öndürilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda anyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.

Welaýatlarda möwsümleýin işleriň çäklerinde pile öndürmek hem-de owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmegiň möhümdigini aýdyp, ekişde ýokary hilli gowaça tohumlaryny peýdalanyp, döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmegi, olara talabalaýyk ideg etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň