Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylyň marty iň maýyl aý boldy

19:0510.04.2024
0
9768

Şu ýylyň mart aýy meteorologik synlamalaryň bütin taryhynda iň maýyl aý hökmünde rekord goýdy diýip, «24KZ» habar berýär.

Howanyň üýtgemegini synlaýan Ýewropanyň gullugynyň maglumatlaryna görä, bu aýda howanyň derejesi soňky 30 ýylda mart aýlarynda iň ýokary derejede boldy. Demirgazyk ýarymşaryň köp sebitlerinde, Ýewropanyň günortasyny goşmak bilen, maýyl howa akymlary duýuldy. Şeýle-de Dünýä ummanynyň üstünde we Grenlandiýanyň günortasynda buzdaglarda howanyň temperaturasy rekord derejede gyzdy.

Alymlar howanyň üýtgemegini adamyň işjeňligi bilen baglanyşdyrýarlar. Nebitiň we gazyň ýakylmagy atmosferada parnik gazlaryň ýygnanmagyny ýokarlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň