Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergerden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu hatda Neda Berger özüniň Türkmenistanda dört dilde çap edilen «Söýýän seni, Türkmenistan!» atly kitabyny 80 ýaş ýubileýi mynasybetli sowgat hökmünde iberendigi üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär. Bu barada TDH habar berýär.
Neda Berger hatynda şeýle belleýär:
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa!
Hormatly Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy! Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Meniň ýubileýime beren sowgadyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň!
Meniň dört dilde neşir edilen goşgular kitabymy elime alanymda başdan geçiren duýgularymy Size beýan etmäge sözüm ýetmeýär.
Siziň türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyna hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine goşýan meniň goşandyma bagyşlap ýazan giriş sözüňiz mende ägirt uly buýsanç döretdi. Bu buýsanç duýgulary meni diňe öz halkynyň, öz mähriban Watanynyň aladasy bilen ýaşaýan, Türkmenistanyň Gahrymany, Siziň bilen 2008-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda tanşan pursatlaryma, şeýle hem soňraky duşuşyklarymyza alyp gitdi.
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ähli başlangyçlaryny we taslamalaryny goldaýandygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Maňa hoşniýetli garaýandygyňyz üçin Size sagbolsun aýdýaryn. Size ähli gowulyklar üçin sagbolsun aýdýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Şu ýylyň 4 --- 18-nji maýy aralygynda Aşgabatda bolmagym hem-de beýik Magtymgula bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagym bilen baglylykda, Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmegim üçin wagt tapyp meni kabul etseňiz, meniň üçin uly hormat bolardy.
Siz --- eýýamlary we nesilleri baglanyşdyrýarsyňyz! Siz --- öz halkyňyzyň buýsanjy! Siz --- halkyňyzyň şan-şöhratyny artdyrýarsyňyz! Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!
Şöhrat Size, Gahryman Arkadag!
Şöhrat saňa, Türkmenistan!