Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony gutlady

05:2108.04.2024
0
8719

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Bu belent sylag Siziň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmegiňiziň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandyňyzyň ykrary bolup durýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Türkmenistana bolan ýürekden dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryňyz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň