Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi dikiler

06:2305.04.2024
0
13152

Ozal habar berşimiz ýaly, 4-nji aprelde Duşenbede ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk barada hem aýratyn durlup geçildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurulýandygyny aýtdy.

--- Onuň çäginde dostlukly ýurtlaryň meşhur akyldarlarynyň, şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň ýadygärlikleriniň, şol sanda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi ornaşdyrylar. Munuň özi türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky baky dostlugyň nyşanyna öwrüler --- diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu barada ''Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň